G. Altaýyň soraglaryna jogap!


G. Altaý salam


Sen 2010-inji ýylyň april aýynyň 5-inde bir topar soraglary orta atyp makala görnüşünde bir näçe internet saýtlaryna ýollapsyň.
Soraglar hemme türkmenlere bagly bolansaň şu ýerde oňardygymdan we wagt boldugundan ol soraglara jogap bermäge synanyşýaryn. Pars dilinde ýazylan soraglary türkmen diline geçirensem soraglary ýalňyş görnüşünde ýazan bolmagym mumkin. Şeýle bolan ýerinde ötünç soraýaryn. Makalaň titri edip orta atylan uly we giýň soraga jogap bermezden kiçi we belli temaly soraglara jogap bermegi ýerlikliräk gördüm.


Dogurdan hem biz türkmenler näme sleýäris we nähili?

Bu sorag iki bölekden ybarat:

  1. Biz türkmenler näme sleýäris?
  2. Biz sleýän zadymyzy nähili sleýäris?

Bu iki soragyň jogabyny tapmak gaty kyn. Sebäbi slegler hemme adamlar üçin deň bolup bilmeýä, we her bir kişiniň hem içkin hem daşkyn slegleri bolýa. Daşkyn slegler bir iliň içinde köplenç bir meňzeşräkdir, emma içkin slegler gaty tapawutly we köp halatlarda dürli syrlar we hileler bilen özüni meýdana atýa. Bu slegler dürli mekirler bilen gatyşyp her bir hili amala el urmaga ýol açyp bilýä. Goýuň men bu jumlany bir az açyklaýyn: Her bir ýola düşjek bolaňda, ol ýoluň özüne has bolan gereklikler bilen bukjaňy doldurmaly bolýa. Hemme ýoly bir syhylly aşyp bolmaýa, we asla nädip ýoldan aşmak ol ýoluň seni haýsy maksada alyp barjagyna bagly bolup galýa. Şu taýda seniň soragyň birinji bölümi orta gelýä. Biz näme sleýäris? Görüşüň ýaly bu soraga jogap tapmak aňsat däl, ylaýta-da berilýän jogaplar bokurdakdan bärden gaýdyp dürli hilelere we mekirlere utgaşsa. Soragyň iki bölüminiň jogaby birinji bölümüň jogabyna bagly bolup galýa. Diýmek birinji bölüme jogap tapmasak ikinji bölümüň jogaby agta galýa. Emma ikinji bölümiň özüni hem iki tüýsli düşünüp bolýa:

  1. Biz sleýän zadymyzy nähili sleýäris?
  2. Biz sleýän zadymyzy nähili elgerjek bolýarys?

Birinji düşünjede slegiň täri, diýmek biziň dilimiz we ullanýan sözlermiziň pormy güýji babatdan gürrüň gidýä. Ikinji düşünjede bolsa gyýsga ýollar (taktik) we uzyýn ýollar (strategi) orta gelýä. Diýmek bu ýerde gürrüň ýoldan we ýolda ullanylýan metodlardan barýa.
Şu ýerde ýene-de soragyň birinji bölümine gaýdyp geleliň. Biz türkmenler näme sleýäris? Onuň hem daşkyn bölümini alalyň. Bu hilli slegler hemişe butin iliň slegi ýaly bolup görünýä we şol keşbinde-de orta atylýa. Her bir kişiniň öz tarapyndan däl-de belki butin iliň ýa azyndan iliň bir böleginiň tarapyndan geplemäge özüne rugsat berýändigini şundan düşünüp bolýa. Elbet men butin iliň ýa iliň bir böleginiň tarapyndan geplemek dogry däl diýjek bolamok, sebäbi kä slegler butin iliň ýa iliň bir böleginiň slegi hem bolup bilýä. Men bu ýerde bir näçe mysal getirýärin:

  1. Her kime ene dilinde gürlemäge, ene dilinde okamaga we ene dilini ösdürmäge ýol berilmeli.
  2. Her kime öz pikirlerini aýytmaga ýol berilmeli.
  3. Hiç kime başga birini ýersiz garalamaga ýol bermeli däl.
  4. Hemme adamlar ýuwrt-da bar bolan hukuklardan we baýlyklardan deň hakly bolmaly.

Görüşüň ýaly bu soraglaryň hiç haýsy şahsy sorag bolup bilmeýä. Şol sebäpden hem bular ýaly soraglara umumy jogap tapjak bolmaly, we jogaplar her bir hilli şahsy garaýyşlara we bähbitlere gatyşmakdan saklanmaly. Beýle bir şerti berjaý etmek aňsat hem däl. Şol zerarly görýäris her bir hilli şahsy slegler iliň slegi hökmünde orta atylýa. Sleg şahsy bolup, soraglar we olara beriljän jogaplar umumy bolansaň, ol jogaplar orta atylaýan soraglary açyklap bilmän, okajyny ýa diňleýjini kanahatlandyryp bilmeýä we köplenç kelle agyra äwrülýä. Munuň özünüň hem bir näçe sebäpleri bar:

  1. Slegi orta atýan adam onuň şahsy ýa şahsy däldigini aňlap bilmeýä.
  2. Slegi orta atýan adam onuň şahsydygyny bilip gümürtük görnüşünde orta atýa.
  3. Niýet arasta-da bolsa şahsy slegler umumy görnüşünde orta atylýa.
  4. Slegi diňleýän ýa okaýan adam onuň hilini saýgaryp bilmeýä.

Ýene näçe sebäp goşjak bolsaň goşubermeli. Gürrüň onda däl. Gürrüň orta atylýan soraglar we olara berilýän jogaplarda. Egerde soraglar we jogaplar her haýsy bir ýoldan ýörese hiç haçan birek-birege duş gelmezler. Sorag orta atmagyň özi bir hünär we ony nädip orta atmak ondan hem köpräk hünermentlik sleýä, emma orta atylan soraglara berilýän jogaplar ustatlyk. Diýmek bir soraga jogap bermek üçin: A. Ol soragy gowy okamaly ýa diňlemeli. B. Soragy düşünjek bolup alada etmeli. Ç. Soraga düşünmeseň jogap bermekden saklanmaly we men bu soraga düşünmedim diýip sorag berýän admadan düşündürüş slemeli. D. Soraýan adamyň bu soragy näme üçin orta atýandygyny biljek bolmaly. E. Orta atylan soragyň we soragy orta atýan adamyň ruhy dumuşyna düşünjek bolmaly. F. Öň ol soraga jogap berilen ýa berilmändigini biljek bolmaly. G. Ol soraga öň jogap berilen bolsa seniň berýän jogabyň aýratyn bolmaly, ýa-da şol öň berilen jogaba salgylanmaly.


Şu ýokarda aýdanlarymdan aňşyň ýaly meniň pikirime göre slegler hem köp hemem gümürtük we näbelli. Köňlenç slegi orta atýan adamyň özi hem näme sleýädygyny bilenok. Näme sleýädygyňy bilmeseň we dürli slegler bir ortak ýola gönükdirilmese ol slegler milli sleglere öwrülüp hem bileýä. Iň ýamany, slegler açyklanmasa ol slegleri elgermek üçin ullanylýan metodlar çaşgyn, düşnüksiz we biderek bolar. Biz häzir diňe bir sorag orta atmaly: Biz türkmenler näme sleýäris? Egerde biz bir näçe ortak slegiň daşyna üýşüp bilsek, köp işleri bitirip bileris, eger-de her kim öz sleginiň yýzynda gezjek bolsak onda hiç. Häzir biz çaşgyn, hem aklymyz hem özümiz hem jemigatymyz!


Ýa biz hiç zat slemän, diňe sleýäniň oýnuny çykarýarysmy?


Bu soragy umumy görüşünde orta atyp bolmaýa. Sebäbi her bir adam, özi bilse bilmese, azyndan bir zat sleýändir. Diýmek bu sorag öz-özünden ýerliksiz bolýar. Orta atylmaly sorag belki-de şeýleräkdir:

  1. Biz slegmize ýetmek üçin ykjam hereket edýärismy?
  2. Biz beýleki doganlarymyzyň hem slegleri bardygyny görüp bilýärismi? Ýa-da ýok, öz slegimiz gözümizi kör edýärmi? 


Şu güne çenli ýekelik-de üzümiz bilen gürleşip gördükmi?


Berekella! Bu sorag gündelik her kimiň özünden etmeli soragy. Sen bu ýerde iň aňyrbaş, her bir ynsany ösdürüdp biljek metodyň üstünde durup geçjek bolýaň. Görüşüň ýaly men muňa bir metod/tär diýip ad berýärin, diýmek ol deňinden aňsat geçmeli bir zat däl. Barýan ýoluň daş bolup bukjaňy agraltmajak bolsaň diňe şuny bukjaňa sal.
Özüni gören hemmeleri görüp biler, özüni görmedik hiç kimi! Şol sebäpden eger-de her kim ýatmazdan öň şol gün eden işleriniň we turmazdan öň edilmeli işleriniň üstünde oýlanyp bilse, az ýalňyşsa gerek. Ýalňyşan ýerinde hem ötünç sorar. Bu hilli ýaşamak her bir kişini özünden daşaryk çykaryp biler. Öz içiňde ýaşamakdan erbedi ýok. Sebäbi ol saňa özüňden başga adam görkezmeýä.

Biziň derdimiz haýsy we nirde?


Wah dogan, dert köp tebip az. Dertden gutuljak bolýan hem azlyk adýä. Sebäbi dert etden gandan geçip süňke ýetende her bir kişini kanahatlandyryp bilýä. Şol zerarly dertden boşamak kyn bolup görünýä. Özüni Ezraýyla tabşyryp ölüm ýastygynda ýatan, ölümden gutuljak bolup alada edýän däldir, onuň aladasy diňe dertden gutulmak bolar, diýmek ýaşaýyş bilen hoşlaşmak. Dertden doly bolan ýaşaýyş bilen näbelli ölümüň arasynda ölümi saýlap almak aňsatrak düşýä we düşnükli.
We emma, seniň soragyň ýerlikli we onuň üstünde oýlanmak gerek.

Haýsy bir çözülmedik kynçylyk biziň aramyzda beýle bir ganymlyk we kine döretdi?


Ýene bir möhüm sorag. Meniň pikirime göre şu mahala deňiç hiç bir türkmen ini-gany bir ýerde oturup şu soragy özünden eden däl bolsa gerek. Men köp ýerlere aýlanyp, türkmen doganlarym bilen gürleşip gördüm. Aýdylýan sözleriň aňyrsyna ser etdim bärsine ser etdim, hiç bir uly tapawut tapmadym. Pikirler, taňkytlar, slegler, yhlaslar, garaýyşlar, hemmesi birräk. Eýsem bizi beýle bir tapawutly görkezýän zat näme? Onuň jogabyny men bir söz-de “ýetnelik” diýip biljek. Dünýä bolan garaýyşymyz ýetne, özümiz hakda bilimimiz ýetne, başgalar hakda aňymyz ýetne, geçen ýollarymyz hakda taňkydy garaýyşlarymyz ýetne, ylmy siýasy jemigatçylyk düşünjämiz ýetne.....
Beýle bir ýetnelik iki tarpa alyp baryp bilýä:

  1. Özüňden başga hiç bir adamyň we öz dünýäňden başga hiç bir dünýäniň ýokdygyna ynanmak.
  2. Öz geçmişiňe, durmuşyňa, gelejegiňe şeýle bir ynamsyzlyk bilen ser edip her bir öňden gelene baş egmek, we şeýdip kelläň çaşgyn gezmek.

Gara görünýämi? Dogry. Emma onuň dermany türkmen aýtmyşlaýyn “itiň aňsady”: öz dar dünýäňden daşar çykmak. Çyn dost özüni ýolda bildirer. Öz öýüňden daşarda, öz oýuňdan daşarda, öz ynamyňdan daşarda, öz düşünjäňden daşarda gezelenje çykmak. Diňe şol mahal täze bir zat ögrenip bolýa. Howa dogan biziň etmeli işimiz örän aňsat, emma oňa ýetmek örän agyr görünýä. Sebäbi biz alada edip görmändiris. Özüne ynamy az bolan adam hemişe natanyşdan/näbelliden gaça gezer. Onuň hem sebäbi aňsat: özüni tanamadyk kesekini tanap bilmez.
Biziň wagtymyz diňe “başgalary” tanamaga alada etmek bilen geçýä. Tyýg ýarasy ýiter, söz ýarasy ýitmez diýen nakyldan akyl alyp ýaşan týrkmen bu gün erbet sözleri haltalap eňterýä!

Beýleki soraglar ýa jogap slemeýä, diýmek ol soraglaryň jogaby öz içinde ýatyr, ýada olaryň hem jogaplaryny şu ýokarda ýazylanlardan tapyp bilersiň.

Hormat bilen
Annaguli