Daşary ıurtlarda ıaşaıan bir topar Türkmenleriñ Beıannamasy

 

 

   Biz daşary ıurtlarda ıaşaıan türkmenleriñ bir topary bolup 2008-nji ıylyñ 6-njy ıanwarynda ıörite, Hesametdin Hadywaryñ, Deñzi Goraıan garawullary tarapyndan 2007-nji ıylyñ 27-nji dekabrynda öldürilmegine protest bildirip, Çapakly we Bendertürkmende bolan wakalar barada ıörite duşuşyk geçirip şeıle karara geldik:

 

   Hazar deñziniñ ıakasyndaky obalarıñ köpüsinde işsizlik höküm sürıär. Balykçylyk bolsa ilatyñ ıeke-täk güzeran çeşmesi bolup durıar. Her ıylda diıen ıaly deñzi goraıjy garawullar balykçylary oka tutıar we beıle ölüm-ıitimler bolsa dowam edıär. Geçen birnäçe ıylyñ dowamynda ençeme türkmen ıigitleri öldürildi. Bendertürkmen şäheriniñ mejlisdäki wekili Muhammetguly Iri, şu mahala çenli üç gezek mejlisiñ tribunasynda çykyş edip, Bendertürkmende balykçylaryñ bikanun oka tutulıandygy hakynda durup geçip, Içeri Işler we Oba Hojalyk Ministerliklerinden bu barada düşündiriş bermeklerini sorapdyr hem prezidente-de hat ıollap wakany oña duıdurypdyr. İöne bulara garamazdan Deñzi Goraıan güıçleriñ bikanun işleri dowam edip gelıär. Onuñ soñky mysaly bolsa Hesametdin Hadywaryñ öldürilmegi we onuñ yzıany dörän wakalardyr.

  

Duşuşyga gatnaşan biz türkmenler şeıle ynanyarys:

 

  1. Hökümetiñ Türkmensärada iş alyp barıan resmileriniñ we wezipeli ıolbaşçylarynyñ bu ıerde ıaşaıan ilatyñ güzeranyny sazlaşdyryp, olary iş bilen üpjün etmäge hiç hili ykdysady we sosıal planlary ıok;
  2. Deñzi Goraıan garawullaryñ, balykçylara garşy zabun daraışy, bikanun hereketleri, eden-etdilik we provokasiıon häsiıete eıe;
  3. Çapakly we Bendertürkmen ilatynyñ nägilelik we protest hereketi, işsizlige we bolup geçıän bikanunçylyga garşy reaksiıa, bir çäre. Bu, halkyñ hukugy talaplaryna we nägileligine äsgermezçilik bilen garalmagynyñ netijesidir;
  4. Protest ıörişlere we aksiıa gatnaşanlaryñ tussag edilmegi akyl-mantaga sygmaıan, logikasiz çäre we biz ony ret edıäris. İary gije adamlaryñ öılerine dökülip, ukuda ıatan adamlary tutup, alyp gitmegiñ dowam edilmegini, olaryñ gynalyp horlanmagyny, ar alyjy we bikanun diıip hasaplaıarys;

  

   Şoña görä biz häkimiıetdäki jogapkär adamlardan şu aşakdak isleglerimiziñ ıerine ıetirilmegini berk talap edıäris:

 

  1. Hesametdin Hadywaryñ ölümine sebäp bolanlaryñ garşysyna açyk sudda iş gozgalayp, olar kanun we halkara normalar esasynda jezalandyrylmaly;
  2. İurduñ Baş Kanunynda bellenişi ıaly, Türkmensährada iş orunlaryny döretmek üçin jogapkär resmiler we ıerli häkimiıetler ıörite plan düzüp, ony amala aşyrmaly;
  3. Wezipelerinden bikanun peıdalanmaz ıaly Deñzi Goraıan garawullaryñ kanunda belli edilen ygtyıarlyklary esasynda hereket etmeli, bikanunçylyk we eden-etdilige garşy berk çäre görülmeli;
  4. Soñky günlerde Çapakly we Bendertürkmende tussag edilenler, hiç hili şert goıulmazdan azatlyga goıberilmeli.

 

   Duşuşyga gatnaşan biz türkmenler, Hesametdiniñ hossarlaryna duıgudaşlygymyzy bildirıäris. Olaryñ çekip gelıän hupbatlaryny paılaşıarys. Biz şeıle-de bu neressäniñ ıasyna gatnaşyp, onuñ maşgalasy bilen duıgudaş bolmaklaryny, ildeşlerimizden isleıäris.

 

Hormat bilen:

Daşary ıurtlarda ıaşaıan bir topar Türkmen

 

1- Abdulrahman Garravy - Moterjem rusi-farsi-turkmeni

2- Akmirat Gurgenli - Tarix ilimlarining kandidati, žurnalist

3- Annadurdy Hajiyv - Ekdisatdan

4- Annaguli Yinnam - Pedagogikk ilimlarining kandidati

5- Gylych Teke - Ostade daneshgah

6- Haji Kor – Diysh doktor

7- Hangeldy Ownuk - Namzarlrede ulume tarih

8- Husheng - Jurnalist

9- Muhy Basyry - Lisanse tarix

10-Muhammet Devejinejad -doctor

11-Muhommetgeldi Berdi - Etnograf

12-Nazjan Seııedi - Elektronik injiner

13-Qiyas Ashiry - Kargardan cinema

14-Rahim Shiykh - Tarix okuji

15-Wekil Tekei – Hugukdan, aklowji

16-Yakup

17-Yusup Kor – Suw injineri