TURKMEN DIL FUNDYNYŇ

DÜZGÜNNAMASY

(TÄJIRÇILIK DÄL GURAMA)

 

 

08.02.2008

 

Dil adamzadyn aragatnashygynyň we pikir alyşmagynyň esasy guralydyr, onyň butewligi we dyngysyz osmegi, hakykatdan hem her bir halkyň diri galyp, ösmeginiň iň bir  möhüm şertidir. Hut şu hakykatlary göz öňünde tutmak bilen 1999-njy ıylda UNESCO-ň Baş konfrensiıasy  tarapyndan her ıylyň 21-nji February „Halkara Ene Dili Güni“ diıip yglan edildi.

Ene dilinde okamak we gurläp bilmek her ynsanyň tebigi hukugyder şonyň üçin bu sene her ıyl bellenip gelıär. Şeılelikde her bir agyr şertlerede ıitip gitmek howpy bilen duş gelen dilleri goramagy öz borjy hasap edıänligini UNESCO yglan etdi.

Şu hakykatlary göz öňünde tutmak bilen ata-babalarymyzyň tarapyndan miras hökmünde bize goıulan Milli Dilimizi goramak, ösdürmek,  maksady bilen „Türkmen Dil Fonduny“ döretmäge karara geldik.

İokarda agzalan umumy maksatlary durmuşa geçirmegiň ilkinji ädimi hökmünda Fonduň düzgünnamasyny şu aşakdaky tertipde teklip edıäris we umumy ıygnakda tassyklanan soň, ol kanunda bellenen tertipde bellige alynmaga degişlidir.

 

1.                    UMUMY DÜZGÜNLER

 

1.1.            Türkmen Dil Fundy (tekstde mundan beıläk Dil Fundy) Iran Eslam Jemhuriıeti -niň (tekstde mundan beıläk IEJ) çäginde we onyň çäginden daşarda ıaşaıan Türkmen alymlaryň, ıazyjylaryn, şahyrlarň, we terjimeçileriň eserlerini çap edip çykarmakdan we şeıle hem Türkmen dilini öwretmeklik,  ösdürmeklik üçin çäreleri saılap almak, we şol ugyrda başga işleri amalal aşyrmaklyk üçin goldaw we ıardam bermek maksady bilen döredilıar.

1.2.            Türkmen Dil Fundynyň, Türkmen dilinde doly day: “Türkmen dil Fundy”.

Türkmen dilinde gysgaldylan ady: “TDF”.

Fundyň Englis dilinde doly ady: “ Türkmen Language Fund”.

Englis dilinde gysgaça ady: “TLF”.

1.3.            Dil Fundy bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynan pursatyndan, hukuk tarapy hökminde döredilen diıilip hasaplanıar we öz eıeçiliginde hususy emläge eıe bolup, öz emlägi bilen hemme öz boçlarna jogapkär bolup, öz adyna emlakleıin we emläkleın däl hukuky gazanyp we durmuşa geçirmage hakly bolup, borçlary boıun almaga we kazyıetde hak esleıji we jogapkär bolup çykyş edip biler.  

1.4.            Dil Fundy özbaşdak balansa eıedir.

Türkmen Dil Fundy, _________ çäginde we gaıry ıurtlarda bellenen tertipde banklarda öz hasaplarny açmaga, kanun boıunça gadagan edilmedik, şertnamalary baglaşmaga haklydyr.

Dil Fundynyň Türkmen dilinde öz ady bilen, möhüri,  blankalary, şeıle hem bellenen tertipde bellige alynan emblemasy bolmaga hukugy bardyr.

1.5.            Dil Fondyny döredijiler, oyň maksatlaryny ykrar edip, oňa aıda agzalyk hakyny töleıanlerden ybarat bolup durıandyr.

Her Türkmen ıekebaralaıyn ıa toparlaıyn bolup Dil Fondynyň agzalygyna geçip biler.

1.6.            Dil Fundy öz agzalarnyň borçlaryna jogapkärçilik çekıän däldir, agzalar hem Dil Fundynyň borçlaryna jogapkärçilik çekmeıärler.

1.7.            Dil Fundyna, agzalarnyň we başga adamlaryň we guramalaryň tarapyndan berilen emläk onyň eıeçiligi hasaplanıandyr.

Dil Fundy, agzalarnyň, gaıry adamlaryň we guramalaryň tarapyndan berilen emläkden şu düzgünnamada bellenen tertipde we maksatlarny durmuşa geçirmek ugrynda peıdalanyp biler.

1.8.            Dil Fundy öz maksatlarny, we wezipelerni durmuşa geçirmek üçin zerur bolan telekeçilik işleri amala aşyrmaga hukugy bardyr.

1.9.            Dil Fundy öz maksatlarny amala açyrmak üçin şereket döretmäge ıa bar bolan şereketlere goşylmaga haky bardyr.

1.10.      Dil Fundy kanunçylykda bellenen tertipde öz  şahamçalarny we wekilçiliklerni döredip biler.

şahamçalar we wekilçilikler hukuk taraplary hasaplanıan däldirler we olar Dil Fundynyň tarapyndan tassyklanan düzgünnam esasynda hereket edıändirler.

1.11.      Dil Fundynyň şahamçalarynyň we wekilçilikleriniň ıolbaşçylary Dil Fundynyň tarapyndan bellenip, olar berilen ynanç hat esasynda işleıärler.

1.12.      Dil Fundynyň salgysy:_________________________________

     

2.                    DIL FUNDYNYŇ MAKSATLARY WE DURMUŞA GEÇIRJEK IŞLERI 

 

2.1.            Dil Fundynyň esasy maksady Türkmen dilini, IEJ-ıetinde we daşary ıurtlarda Türkmenlere öwretmekden, olaryň arasynda ornaşdyrmakdan, gorap saklamakdan we ösdürmekden ybarat bolup durıar.

2.2.            Dil Fundynyň esasy geçirjek işleri aşakdäkilerden ybaratdyr:

·                        IEJ-ıetinde we onyň çaginden daşarda ıaşaıan Türkmen alymlaryň, ıazyjylaryň, şahyrlaryň we terjimeçileriň Türkmen dilini goraıan we ıaıratıan, ösdürıan eserlerini Türkmen dilinde, başga dilden Türkmen diline we ıa Türkmençeden gaıry dillere terjime bolan esrleri çap bolmak üçin karzyna pul seriştesini şu düzgünnama esasynda bermek (karzyna pul bermäň, yzyna gaıdyp almaň, şertleri, we ş.m. her bir belli ıagdaıda Dil Fundy bilen olaryň arasynda baglaşylıan şertnamada gesgitlener); 

·                        türkmen alymlaryň, ıazyjylaryň, şahyrlaryň we terjimeçileriň işläp düzen oı-pikirlerini şu düzgünnama esasynda durmuşa geçirmek üçin ıardam bermek;

·                        dürli ylmy, bilermençilik, okwu, magaryf çäreleri gurnamak, we durmuşa geçirmek;

·                        türkmen diliniň orny hakda IEJ-ıetinda we daşary ıurtlarda doly we dogry maglumat bermek we öz dilimiz hakda oňat pikir döretmek;

·                        daşary ıurtlar we halkara guramalar bilen resmi we resmi däl iki taraplaıyn, ylmy, bilermençilik (ekspert) aragatnaşyklary guramak, döretmek we ösdürmek;

·                        resmi we resmi däl halkara gatnaşyklarny, Türkmenler bilen gurnamak, döretmek we ösdürmek;

·                        internet ulgamynyň üsti bilen Türkmen dilini öwretmek, dil hakda elektoron ıazgylary döretmek, Türkmen site-lara Türkmen dilini öwretmek, we ıaıratmak ugrynda goldaw bermek we şonyň ıaly hem olary döretmek;

·                        dil öwretmek ugrynda ylymy, dynç alyş we medeni çäreleri geçirmek;

·                        Dil Fundyna meňzeş guramalar bilen tejribe alyş beriş işini amala aşyrmak;

·                        türkmen dili kurslaryny gurnamak;

·                        türkmen dilinde ylmy, taryhy, we edebi çykyşlary we şeıle hem  goşgy okaıyş agşamlarny gurnamak;

·                        internet ulgamynda Dil Fondynyň site-ni döretmek;

·                        türkmen dili hakda televizıon we radıo gepleşikleri taııarlamak, döretmek we ıaıratmak;

·                        türkmen edbi myrasy  baılyklaryny (klasik eserleri) dünıä dillerine, terjime etmek we ıaıratmak;

·                        türkmen dilindäki kitaplaryň, kitaphanasyn gurnamak;

·                        dil hakda ylmy konfrensıalara gatnaşmak, gurnamak.

2.3.            Dil Fundy işiň aıry gornüşlerni, diňe degişli rugsat hatyny (license) alandan soň amala aşyryp biler.

 

3.                    DIL FUNDYNYŇ EMLÄGI

 

3.1.            Dil Fundynyň balansynda durıan ıer mellegi, jaı, gurluşyk, başga gozgolıan we gozgolmeıan emläk, şol sanda zatlar, gymmat bahaly kagyzlar, pul serıştesi, daşary ıurt puly (walıuta), emläk hukugy, başga maddy bahalyklar we maly baılyklary Dil Fundynyň emlägini düzıärler.

3.2.            Dil Fundynyň emlägini düzıän çeşmeleri aşakdakylardan ybaratdyr:

·                        her aıda Dil Fundynyň agzalarynyň berıan agzalyk pulyndan we malıe kömekler;

·                        adamlaryň we hukuk taraplaryň tarapyndan gelıän kömekler;

·                        harıt, iş we hyzmatlary satmakdan gelip gowyşıan serişteler;

·                        kanun tarapyndan gadagan bolmadyk başga girdeıjiler.

3.3.            Dil Fundynyň gören peıdasy, paılaşyga degişli däldir, eısem olar şu Düzgünnamada bellenen maksatlara gönükdirmelidirler.

3.4.            Kunun boıunça bellenen tertipde Dil Fundy maliıe işlerini (book-keeping, accountancy-hesabdari) we statistik hasabatyny ıerine ıetirıär we her 3 aıyda öz emläginden peıdalanşynyň hasabatyny Umumy ıygnaga berip dyrıar.

3.5.            Maliıe ıyly January aıynyň 1-ninden December aıynyň 31-ne çenli dir.

Indiki ıylyň March aıynyň 1-inden gijigmän Dil Fundynyň Dolandyrjy guramasy öz amala aşyran işleriniň ıyllyk hasabatyny taııarlar we Umumy ıygnaga ony tassyklamak üçin hödrleıär.

 

4.                    DIL FUNDYNYŇ İOKARY GURAMASY

 

4.1.            Dil Fundynyň ıokary guramasy agzalaryň Umumy ıygnagydyr.

4.2.            Umumy ıygnak öz oturşyklarynyň arasynda işleri alyp barmak üçin Umumy ıygnagyň agzasyndan 5 sany adamy _1_ (bir) ıyl möhlet bilen Dolandyryş gurama hökmünde saılıar.

4.3.            Umumy ıygnagyň ygtıarlarlyklary aşakdäkilerden ybaratdyr:

4.3.1.   Dil Fundynyň alyp barıan işine we hereket edıän kanunçylygy berjaı edilşine gözegçiligi ıerine ıetirmek;

4.3.2.   üıtgetmeleri we goşmaçalary Düzgünnama girizıär, olar diňe döwlet tarapyndan bellige alynandan soň güıje girer;

4.3.3.   Dil Fundynyň işiniň ähmiıetli ugyrlaryny, olaryň emele gelişini, peıdalanyş usullarny (prinsipleni) gesgitlemek;

4.3.4.   Dil Fundynyň ıyllyk hasabatyny şol sanda hasap balansyny seredip, tassyklamak;

4.3.5.   ň we onyň başlygynyň, kabul edilen çözgitlerine, şeıle hem, çykarn netijelerne we olaryň ıerine ıetirlşine gözegçilik etmek we tassyklamak;

4.3.6.   Dil Fundynyň Dolandyrjy guramasynyň we Gözegçilik toparyň agzalarny saılamak;

4.3.7.   Dil Fundyny ıatyrmak hakda karar kabul etmek;

4.3.8.   Dil Fundynyň auditor barlagny gurnamak we onyň hakynyň möçberini kesgitlemek;

4.3.9.   Dil Fundynyň maliıe planyny, oňa girizilıän goşmaçalary tassyklamak;

4.3.10.                 şahamçalar we wekilçilikleri döretmek barada çözgit kabul etmek we olaryň Düzgünnamasyny tassyklamak;

4.3.11.                 başga hukuk taraplary döretmek we olary dolandyrmak, şeıle hem Dolandyrjy guramaň agzasynyň birine, ıokarda agzalan hukuk taraplaryň dolandyrjy guramasynyň işine gatnaşmaga ygtyıar berilmegi hakda  çözgüt kabul etmek;

4.3.12.                 şu Düzgünnamada gözöňine tutulan başga ygtyıarlyklary amala aşyrmak.

4.4.            Dil Fundynyň hataryndan çykmak isleıän, onyň şagsy arzasy bilen mümkin bolar.

4.5.            Umumy ıygnagy ıylda 2 gezekden az bolmadyk otyrşygy bolar.

Umumy ıygnagyň we dolandyryş guramaň 3-den bir böleginiň islegi bilen adatdan daşary Umumy ıygnagy çagyryp bolar.

Umumy ıygnagyň haçan we sagat näçede boljagyny, şeıle hem onyň gün tertibini Dolandyrjy gurama we ıa-da onyň ygtyıar beren adamysy, hökmäni suratda umumy ıygnagyň hemme agzalaryna 15 gün öňinden habar etmelidir.

4.6.            Umumy ıygnagda, oňa gatnaşyjylaryň sada köp ses beren çözgitleri kabul edilıändir.

 

5.                    DIL FUNDYNYŇ DOLADYRYŞ GURAMASY

 

5.1.            Dolandyryş guramasy, Dil Fundynyň toparlaıyn ıerine ıetirji guramasy bolup, Düzgünama esasynda Umumy ıygnagyň we ıerine ıetirji başlygyň ygtıarlygyna degişli meselelerden başga ol Dil Fundynyň gündeki işini ıerine ıetirıär.  

Dolandyryş gurama,  ıerine ıetirji başlyk, ıolbaşçylyk edıär.

5.2.            Dolandyryş guramaň ygtıarlyklary aşakda agzaljak meselelerden ybaratdyr:

1)                    Umumy ıygnagyň bellän ugyrlarny amala aşyrmak üçin planlary işläp düzmek;

2)                    Dil Fundynyň Düzgünnamasynda bellenen maksatlary planlaşdyryp, olaryň durmuşa geçirmek tertibini we goıberiljk maliıe serişteleriniň möçberini kesgitlemek;

3)                    şu Düzgünnamaň maksatlarna laıyklykda, bahasy balansyň 25% -den köp bolmadyk emlägi satyn almak, satmak barda şertnama baglaşmak üçin çözgüt kabul etmk;

4)                    Umumy ıygnaklary gurnamak;

5)                    Umumy ıygnagyň we Dolandyryş guramaň ıerine ıetirji başlygynyň ygtyıarlygyndäki resminamalardan başga içerki resminamalary tassyklamak;

6)                    Umumy ıygnakda ara alynyp maslahatlaşmak üçin Dil Fundynyň şahamçalarny we wekilçiliklerni döretmek hakda tekliplerni we olaryň Düzgünnamalarnyň taslamasyny hödürlemek;

7)                    Umumy ıygnakda ara alynyp maslahatlaşmak üçin ıyllyk ıerine ıetiren işleri barada we şeıle hem ıyllyk hasabaty taııarlap bermek;

8)                    Umumy ıygnakda ara alynyp maslahatlaşmak üçin maliıe planlarny taııalamak, şeıle hem bar bolan maliıe planlarna üıtgetme girizmek üçin tekilplerni taııarlap bermek;

9)                    Umumy ıygnakda ara alynyp maslahatlaşmak üçin, başga hukuk taraplaryny  döretmek, dolandyryşyna gatnaşmak, şeıle hem olara gatnaşyjyň ygtyıarlyklarny bermek;

10) Dil Foudynyň Düzgünnamasynyň 2-nji maddasynyň çäginde durmuşa geçiriljek taslamalar hakda ylmy, bilermençilik we başga toparlary gurnamak;

11) şu Düzgünnama boıunça göz öňine tutulan başga meseleler.

12) öz agzalarnyň arasyndan gizlin ses bilen Dolandyryş guramaň başlygyny we onyň orynbasarny  saılamk.

5.4. Dolandyrjy guramaň ygtıarlygyndäki duran meseleler, başga bir guramaň seredmegine berilip bilinmez.

5.5. Dolandyrjy guramaň oturşklarnyň kwormy (ıygnaga zerur gatnaşmalaryň sany) 5o%+1-dir.

5.6. Dolandyrjy guramada çözgütler, onyň gatnaşıan agzalarnyň köplük sesi bilen kabul ediler.

           Şu Düzgünnamaň 5-nji maddasynyň, 5.3.-nji bendiň 1,3,8 bölekleri hakda çözgütler sese goılanda, olary kabul etmek üçin gatnaşıan agzalarnyň köpüsiniň 2/3 ses bermegi gerekdir.

 

 

6.                    DIL FUNDYNYŇ DOLANDYRJY GURAMASYNYŇ BAŞLYGY

 

6.1, Dil Fundynyň gündeki işlerini izigiderli alyp barmak üçin Dolandyyş guramaň başlygy mydam hereket edıän ıeke täk adam bolup, ıolbaşçylyk edıär.

6.2. Gündelik ıolbaşçylyk we Dil Fundynyň esasy iş ugyrlarnlarny durmuşa geçirmek, we onyň çözgütlerni ıerine ıetirmegi gurnamak we üpjün edmek Dolandyyş guramaň başlygynyň ygtyıarlyklaryndandyr.

6.3.  Dolandyyş guramaň başlygy Dolandyyş guramaň tarapyndan saılanıar we işden boşadylıar.

6.4. Dolandyyş guramaň başlygy:

·                        Dil Fundynyň gündelik işini guraıar we kontrol edıär, Umumy ıygnagyň karalarny durmuşa geçirmesini gurnaıar we onyň ıerine ıetirlşine gözegçilik edıär;

·                        ynanç hatsy almazdan, ıurdyň çägind we daşary ıurtlarda Dil Fundynyň adyndan çykyş edıär we fiziki we hukuk taraplar, döwlet guramalar, ıerli häkmiıet  bilen gatnaşyklarda Dil Fundynyň bähbilerni arap, oňa wekilçilik edıär;

·                        döwlet häkemiıetiniň,  ıerli öz özini dolandyryş we daşary ıurt, halkara guramalar bien ylalaşyp hereket etmek hakda, we ony amala aşyrmak üçin degişli çözgütleri kabul edıär;

·                        Dil Fundynyň hasabatyny we hasabat bermesini gurnaıar;

·                        öz ygtyıarlygy esasynda Dil Fondynyň emlagini dolondyrıar, karz pul berıan (kridit) guramalarda hasaplaşyk we başga hasaplary açyp we ıapıar;

·                         şu Düzgünnamada bellenen maksadlara laıyklykda Dil Fundynyň emlägini peıdalanşyna jogapkärçilik çekıär;

·                        Dil Fundynyň şahamçalarnyň we wekilçilikleniň işine gözegçilik edıär;

·                        Dil Fundynyň wezipeli adamlaryny, şol sanda baş hasapçyny şeıle hem başga aıry aıry wezipeli adamlary işie alyp, işden boşadıar we olaryň işde ıerine ıetirmeli wezipelerni tassyklaıar;

·                         Şertnamalary, şol sanda zähmet şertnamalary  baglaşıar, buıruglary çykarıar, başga içeri düzgünleşdirıän resminamalary tassyklaıar, başga geleşikleri baglaşıar;

·                        Dolandyyş guramaň oturşyklarny taııarlamaga we geçirmäge jogap berıär we onyň agzalarna 7 gün öňünden Dolandyyş guramaň mejlisiniň geçiriljegi hakda habar berıär;

·                        Umumy ıygnakda, Dolandyyş guramada ara alynyp maslahat ediljek meseleleri taııarlaıar;

·                         Dolandyyş guramaň çözgüdi esasynda ylmy, bilermençilik we başga toparlaryň işiniň ıerine ıetirilmegni üpjün edıär;

·                        Dil Fundynyň işi bilen baglanşykda başga meselelerni çözıär.

6.5. Dolandyyş guramaň başlygy, Dolandyyş guramaň agzasynyň razyçylygy bilen wagtlaıynça öz kä-bir ygtyıarlyklarny orn- basarna tabşyryp biler.

6.6. Dolandyyş guramaň başlygy her 3 aıdan Dolandyyş gurama we Umumy ıygnaga işiň netijeleri barada öz hasabatyny berip durıar.

6.7. Malyıe we pul hakda resminamalar 2 (iki) gol bilen amala aşar: Dolandyryjy guramaň başlygy we hasapçy.

 

7.                    DIL FUNDYNYŇ IŞINE GÖZEGÇILIK

 

7.1.            Dil FUndynyň işine, onyň guramalarnyň kabul eden kararlarna we olaryň ıerine ıetirlşine, maliıe seriştelerinden peıdalanşyna gözegçiligi amala aşyrmak üçin Dil Fundynyň agzalarnyň arasyndan bir ıyllyk möhlet bilen 7 adamdan düzülıan Gözegçilik topary Umumy ıygnakda saılanıar we olar gözegçilik işini ıerine ıetirıärler.   

7.2.            Dil Fundynyň içerki maliıe işine gözegçiligi, Gözegçilik topary ıerine ıetirıär. Gözegçilik topary Dil Fundynyň maliıe-hojalyk işlerne her 6 aıda bir gezek gözegçilik geçirerler we olar öz barlagnyň netijesini Umumy ıygnaga hödürlärler.

7.3.            Gözegçilik topary, Dolandyyş guramaň başlygyndan hemme gerek bolan hasaphanaň, maliıe we başga resminamalary şeıle hem olar barada düşündürişleri talap edip, alyp bilerler.

7.4.            Gözegçilik topary barlag işiň netijelerni Umumy ıygnaga hödürlärler.

7.5.            Gözegçilik toparyň agzasy oňa mälim bolan habarlary, resminamalary paş edmäge haky ıokdyr.

7.6.            Gözegçilik topary öz işini 10 günden uzaga çekdirman tamamlamalyderlar. Aıratyn şertlerde Umumy ıygngynyň karary esasynda, ol mölet üıtgedilip bilner.

 

8.                    DIL FUNDYNY ÜİTGETMEK WE İATYRMAK

 

8.1.            Dil Fundy başga gurama bilen birleşmek, goşylamk, bölünmek bilen täzeden gurulıar.

8.2.            Kanunçylykda göz öňine tutulan halatlarda Dil Fundy diňe kazyıetiň hökümi bilen ıatyrlyp bilner.

8.3.            Dil Fundynyň ıatyrylmagy barada çözgüt kanunçylykda göz öňine tutulanlar esaslarda amala aşyrlar.

8.4.            Dil Fundynyň emlägini satmakdan hasyl bolan pul seriştesi, hemme bergiler berilenden soň, Dil Fundynyň Umumy ıygnagynda, galany hakda karar kabul ediler.

 

Umumy ıygnaga gatnaşan

Dil Fundyny Döredijiler